
Управление

Умный дом для
квартир, офисов и коттеджей
Готовые решения для создания умного дома

Освещение

Управление

Безопасность
Освещение

Безопасность

SEZAM NÄME?
SEZAM — munuň özi gündelik durmuşda ulanylýan gurluşlaryň we enjamlaryň Sezam atly bir umumy özbaşdak (awtonom) dolandyryş ulgamyna birleşdirilmegini (integrasiýasyny) aňladýar. Programma serişdeleriň (resurslaryň) tygşytlanmagyna we jaýdaky ýaşaýjylar üçin amatly ýagdaýyň döredilmegine ýardam berýär, gozgalmaýan emlägiň obýektiniň dolandyrylmagyny aňsatlaşdyrmak arkaly, ýaşaýjylaryň durmuşynyň amatly we howpsuz bolmagyny üpjün edýär.
SEZAM NÄDIP IŞLEÝÄR?
Eýsem, SEZAM nädip işleýär? Ulgam nämäni haçan berjaý etmelidigine nädip düşünýär? “SEZAM” atly ulgamyň işleýişiniň kadasy (prinsipi) adam, şeýle hem maşyn tarapyndan öňde goýulýan buýruklaryň (komandalaryň) birnäçesine esaslanýar. Şeýle hem haýsy-da bolsa bir buýruga (komanda) badalga bermek (aktiwasiýa) adam ýa-da kesgitlenen datçik tarapyndan talabyň (ýüz tutmanyň) iberilmegi arkaly amala aşyrylyp bilner. Ulgama badalga bermegiň bu iki wariantyna jikme-jik garap geçeliň.
Birinji wariant haýsydyr bir gurluşy goşundy boýunça işletmek arkaly amala aşyrylyp bilner. Goşundy smartfonda goýulýar we ýönekeý hereketleriň kadasy (režimi) boýunça haýsydyr bir tabşyrygyň (komandanyň) berjaý edilmegine badalga berýär. Meselem, Siz aşhanadaky ýa-da dälizdäki (koridordaky) çyrany ýakmagy, elektrik çäýnek dakylan rozetkany işletmegi, otluk ýeri suwarmagy, ýyladyjy ulgamy öçürmegi, kondisioneri işletmegi başararsyňyz. Şunda akylly öýüň ulgamy Siziň talabyňyzy (haýyşyňyzy) özleşdirip, haýyşyňyzy işlediljek gurluşa ýollaýar.


Ikinji wariantda siziň gönüden-göni jaýda ýa-da öýde bolmagyňyz hökman däl. Çünki şonuň ýaly wariantda ähli ýagdaý programmirlenendir. Öňünden ýazylyp goýlan ssenariýler öýde örän amatly ýagdaýy döretmäge, meselem, zerur bolan halatynda çyrany ýakmaga, poly ýyladyjynyň işiniň makul görülýän tertibini döretmäge ýa-da öýden çykanyňyzdan soňra ähli elektrik enjamlaryny öçürmäge we öýi gorag signalizasiýasyna goýmaga we beýlekilere mümkinçilik berýär. Şeýle bu wariantda ulgamyň çözgüdi özbaşdak kabul etmegine mümkinçilik döredilýär. Başgaça aýdanyňda, statistika esasynda ýyladyş ulgamyny haçan işletmelidigini ýa-da öçürmelidigini ýa-da suwy haçan gaýnatmalydygyny ulgamyň özi çözýär.

Düzülen ssenariý boýunça ýa-da elde smartfon arkaly, öýde, jaýda we köçede yşyklandyryşy dolandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Howpsuzlygyň üpjün edilmegine we birugsat ýagdaýda girilmeginiň ýa-da haýsydyr bir awariýaly ýagdaýyň öňüniň alynmagyna gönükdirilendir.

Smartfonyň kömegi arkaly, elektrik enjamlarynyň dolandyrylmagyna mümkinçilik döredýär. Hatda öýden çykanyňyzda-da, çyrany, kondisioneri, telewizory we beýleki enjamlary öçürmek kyn düşmez.

Allows you to automatically close / open the gas valve, including controlling the occurrence of leaks in the presence of a gas leak sensor.

Suwuň kranlaryny awtomatik ýagdaýda ýapmaga/açmaga, şol sanda suwuň syzyp geçýän ýeriniň ýüze çykandygyny barlamaga mümkinçilik döredýär.


КАК МЫ РАБОТАЕМ
.png)
ЗАЯВКА НА ПОЧТУ

СОГЛАСОВАНИЕ ЦЕН

ДОСТАВКА ОБОРУДОВАНИЯ
.png)
УСТАНОВКА СИСТЕМЫ
.png)
ЗАПУСК И ОБУЧЕНИЕ
.png)
СЕРВИС И ПОДДЕРЖКА
SEZAM NÄDIP SARGYT BOÝUNÇA EDINIP BOLAR
Ulgam saýlanyp alnan mahalynda, ulgama degişli çözgüdiň gutarnykly kesgitlenmändigini we islendik pursatda täze mümkinçilikler arkaly, onuň üstüni ýetirip boljakdygyny ýatdan çykarmaly däl. Şeýle hem ýokarda beýan edilen ýagdaýlar başa baryp biljek ähli funksionalyň doly ýazgysy bolman, adaty mysallardyr, galyberse-de, aýratyn goşmaça ulgamlary birikdirmek we integrasiýany amala aşyrmak hem-de täze modullary we gurluşlary goşmak arkaly, ulgamyň mümkinçilikleri ep-esli artdyrylyp bilner.
Galyberse-de, Siziň obýektleriň näçesini dolandyrmagy niýet edinýändigiňizi çözmek gerek. Meselem, eger munuň özi yşyklandyryşa degişli bolsa, onda toparlaryň sanyny anyklamaly, eger munuň özi klimata degişli goşmaça ulgam zerur bolsa, onda ýyladyjy ýa-da sowadyjy elementleri kesgitlemek gerek we ş.m. Sezam yzygiderli görnüşde, ulgamlary we jaýlary yzly-yzyna awtomatik ýagdaýa geçirmek arkaly ornaşdyrmak bolar.
Netijede, öýde islenilýän ýagdaýy kesgitlemek barada oýlanmak gerek. Şeýle edilen halatynda, Siziň öýi dolandyrmak boýunça hajatlaryňyzy we islegleriňizi amala aşyryp bolar. Isleýän ýagdaýlaryňyzyň ählisini ýazyň. Indi öz ideýalaryňyz bilen, biziň hünärmenlerimize ýüz tutup bilersiňiz, olaryň oý-pikirlerini diňlemeli, munuň özi Siziň arzuw eden akylly öýüňizde dolandyryş boýunça intellektual ulgamyň amala aşyrylmagyna mümkinçilik döreder.
Size internet bilen aragatnaşygyň bozulmagynyň akylly öýe neneňsi täsir edýändigi we asla, internet bolmasa, onuň işläp biljekdigi ýa-da işläp bilmejekdigi barada aýdasymyz gelýär. Internet öçürilen halatynda, “Sezam” gerekmejek zada öwrülmezmi? Geliň, global ulgamdan öçürilmeginiň ýa-da ýaýradýan serwerleriň işindäki bökdençlikleriň neneňsi kynçylyklary döredip biljekdigini anyklalyň. Sezam degişli kynçylykly we has giňden ýaýran.
3 sany mesele
- ● Eger internet bar bolsa, ähli ulgam işlär.
- ● Eger internet bolmasa, onda size şowsuzlyk garaşýar – HIÇ BIR IŞLEMEZ!
- ● Ýaýradýan serwerler akylly öýlere bütinleý gözegçilik edip biler we serwerleriň işinde bökdençlikler dörän halatynda, siziň gurluşlaryňyzyň özlerini neneňsi alyp barjakdygyny çaklap bolmaýar.
Ýaýradýan görnüşdäki çözgütler boýunça işlenen mahalynda, has ýygy-ýygydan ýüze çykýan amatsyz ýagdaýlar: - buýruga (komanda) görä işläp başlaýan wagty ýa-da işledilen mahalynda seslenişi ýaýradýan serweriň işleýişine we oňa düşýän agramyň derejesine bagly bolýar. Käbir halatda buýruga (komanda) görä işiniň togtaýan wagty 20 sekunda ýetýär we şondan aňry geçip biler. Siziň akylly öýüňiziň ulgamynyň işe ukyplylygy öýde internetiň bar bolmagyna baglydyr.